- güzer
- Suw akýan çaýyň, ýabyň we ş. m. mal-gara iner ýaly ýalpagrak ýeri, geçelge.∙ Ol gyz küýzesini güzerin gyrasynda goýup, töweregine garanjaklady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Gyz ýany başlan bir atyz jöweniň içini kesip, çukur güzere baryp girdi. (N. Pomma, Sebabini Soň Bildim)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.